Intel 13-nji we 14-nji nesil Core prosessorlary bilen baglanyşykly kemçilikleri düzetmek üçin patç döredýär

  • 25.07.2024 14:20
  • 2.6k+

Intel kompaniýasy 13-nji we 14-nji nesil Core prosessorlarynyň durnuksyz işlemegi bilen baglanyşykly kemçilikleriň çeşmesini tapandygyny mälim etdi. Näsazlyklaryň sebäbi, mikrokoddaky ýalňyşlyk sebäpli prosessora berlen nädogry tok güýji boldy.

Kompaniýa bu ýalňyşlyklary düzetmek üçin patç taýýarlady. Täzelenmeleriň synagy tamamlanandan soň awgust aýynyň ortalarynda olaryň köpçülikleýin ýaýradylmagy meýilleşdirilýär.
Intel kynçylyk çekýän ulanyjylaryna goldaw gullugyna ýüz tutmagy maslahat berýär.
Kompaniýa aprel aýynda köp sanly ulanyjylar tarapyndan bildirilen nägileliklerden soň bu kemçiliklerini ilkinji gezek boýun aldy.
Ondan öň Intel we enelik plato öndürijileri meseläni az-kem çözüp biljek BIOS täzelenmelerini hödürlediler. Şeýle-de bolsa, käbir ulanyjylar kynçylyk çekmäge dowam edýärdiler.
Alderon Games we Gamers Nexus ýaly oýun we enjam öndürijileri hem 13-nji we 14-nji nesil Intel prosessorlaryndaky kemçiliklere nägilelik bildirdiler. Alderon Games-iň esaslandyryjysy Metýu Kassells Intel-e iň soňky iş stoly we ykjam Intel prosessorlaryny yzyna çagyrmagy maslahat berdi.

düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
847

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.7k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......