Xiaomi SU7-niň satuwy bir hepdäniň içinde 35% pese düşdi

  • 24.07.2024 13:35
  • 3.8k+

Carnewschina-niň berýän habaryna görä, 2024-nji ýylyň 29-njy hepdesinde (9-21-nji iýul) Xiaomi SU7 elektrik awtoulagynyň satuwy takmynan 35% peseldi. Bu üç aýyň içinde iň ýaramaz görkeziji boldy.

Hepdäniň dowamynda diňe 1500 sany ulag satyldy, bu bolsa 2300 ulag satylandaky geçen hepde bilen deňeşdirilende 34,78% azdyr. Iýul aýynyň ilkinji üç hepdesinde Xiaomi Hytaýda 7500 elektrik ulagyny hasaba aldy.
Satuwyň azalandygyna garamazdan, Xiaomi kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Leý Szýun kompaniýanyň iýun aýynda 10 000 sany ulag  iberendigini we 2024-nji ýylda 120 000 ulag ibermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
SU7 Xiaomi-niň şu wagta çenli bazardaky ýeke-täk awtoulag modelidir. Ol şu ýylyň 28-nji martynda satuwa çykarylypdy.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....