Internet ulanyjylary ähli döwürleriň iň owadan 10 aktrisasyny saýladylar

  • 24.07.2024 12:15
  • 16k+

List Challenges internet platformasyny ulanyjylar ähli döwürleriň iň owadan aktrisalarynyň reýtingini düzdüler. Aktrisalaryň daşky keşbine baha bermekde matematiki formulalardan ugur alýan beýleki reýtinglerden tapawutlylykda, bu ýerde ähli zat internet ulanyjylaryň pikirine baglydyr.

Reýtingi düzmek üçin sessiz kinodan başlap, döwrebap blokbastere çenli dürli döwürleriň ýerine ýetirijileri gatnaşdy.
Şeýlelikde, ulanyjylar tarapyndan iň owadan aktrisa hökmünde italiýaly aktrisa Monika Belluççi saýlandy. 59 ýaşly kino ýyldyzy Italiýada dünýä indi we hukukçy bolmagy arzuw etdi, ýöne 16-njy ýaşynda model hökmünde karýerasyna başlady, 1996-njy ýylda bolsa “Kwartira” filminde oýnap, kinoda üstünlik gazandy. Bu keşbi üçin Monika Belluççi “Sezar” baýragyny aldy.
Reýtingiň ikinji ornunda amerikaly aýdymçy, aktrisa we model Merilin Monro (Norma Jin Mortenson) ýerleşdi. Üçlügi “Oskar” baýragynyň, şeýle-de üç sany “Altyn globus” baýragynyň we iki sany ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragynyň eýesi, BMG-niň hoşniýetli ilçisi Anjelina Joli jemledi.

Iň owadan aktrisalaryň ilkinji onlugy:

  1. Monika Belluççi (Italiýa)
  2. Merilin Monro (ABŞ)
  3. Anjelina Joli (ABŞ)
  4. Jeýn Mensfild (ABŞ)
  5. Rakel Welç (ABŞ)
  6. Aýşwariýa Raý (Hindistan)
  7. Anita Ekberg (Şwesiýa)
  8. Rita Heýwort (ABŞ)
  9. Helena Kristensen (Daniýa)
  10. Ursula Andress (Şweýsariýa)

02.02.2026 15:28
2.6k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...