“Inter” altyn tugranyň üsti iki ýyldyzly täze eşik toplumyny hödürledi

  • 23.07.2024 23:21
  • 7.5k+

Italiýanyň “Inter” futbol kluby toparyň 2024/2025 möwsüminde geýjek täze "öý" oýun eşik toplumyny hödürledi. Nike formasynyň dizaýny nusgawy dik zolaklary döwrebap, dinamiki bezeg bilen birleşdirýär.

Futbolkada “neradzurri” diýlip atlandyrylýan klubuň däp bolan gök we gara reňkleri bar, ýöne indi dik zolaklaryň gapdalynda çep tarapda diagonal zolaklar ýerleşýär.
Esasy tapawut klubuň tugrasy: ol altynsöw reňkde ýerine ýetirilip, futbolkanyň merkezine geçirildi. Onuň ýokarsynda “Interiň” 20 çempionlyk titulyny alamatlandyrýan iki ýyldyz bar.
Klubuň metbugat gullugynyň beýanatynda: “Olar biziň arzuwymyzda ýaşaýardy, indi tenimizde ýaşarlar. Täze kynçylyklara tarap ymtylýarys, geljegi döredýäris. Ýyldyzlar. Bu başlangyç "- diýilýär.


Futbolkanyň içinde şäheriň tugrasy, Milanyň nyşany bolan Biscione ýylanynyň şekili bar.
Şeýle hem, eşikde klubuň täze hemaýatkäri Betsson Sport-yň logotipi bar. Eşigiň ýany bilen gara şorty we getralar gelýär.
“Inter” 2023/2024 möwsümini A seriýasynda birinji orunda 38 oýunda 94 utuk toplamak bilen jemledi. Topar Italiýanyň Super Kubogyny hem aldy. “Inter” täze möwsümiň ilkinji oýnuny 17-nji awgustda “Jenoa” bilen oýnar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......