“Tüweleý” filminiň sikweli betbagtçylyklar hakyndaky filmleriň taryhynda rekord başlangyç görkezdi

  • 23.07.2024 16:03
  • 8.3k+

19-njy iýulda “Tüweleý 2” (Iňlis: Twisters; beýleki bir ady: “Tüweleýler”) filminiň dünýäde ilkinji görkezilişi boldy. Ilkinji dynç günlerinde film ABŞ-da 80,5 million dollar gazandy - bu tebigy betbagtçylyklar hakyndaky ähli filmleriň arasynda iň gowy bad alyşdyr.

2004-nji ýyldan bäri bu žanrda rekordy Roland Emmerihiň “Birigün” ("The ay After Tomorrow", 68,4 million dollar) atly filmi eýeläp gelýärdi.
“Tüweleý 2” ABŞ-da 2024-nji ýylda diňe “Tapmaça 2-den” (154,2 million dollar) we “Dýuna 2-den” (82,5 million dollar) soň üçünji orny eýeledi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşynda filmiň üstünlikleri o diýen ýokary bolmady: beýleki ýurtlarda kassa ýygymy 42,7 million dollar gazandy. Filmiň býujeti, marketingi hasaba almazdan, 155 million dollar boldy.
Film tupanda galan, tebigy hadysany öz ellerine almak we oňa garşy durmaga synanyşýan "awçylar" topary hakynda gürrüň berýär. Emma tüweleýleriň gerimi olaryň çaklamalaryndan has giň bolup, netijede olar aman galmak üçin göreşmeli bolýar.
Filmde baş keşplerde Glenn Pauell (Top Gan: Mawerik), Deýzi Edgar-Jons (Ruhy sag adamlar (“Нормальные люди”)) we Dewid Korenswet (Supermen: Miras) çykyş edýär. Filme “Minari” filmi bilen tanalýan Li Aýzek Çun režissýorlyk edip, “Oskar” we “Altyn globus” baýraklaryna dalaşgär görkezildi.
Asyl "Tüweleý" filmi 1996-njy ýylda çykdy we takmynan 495 million dollar gazandy.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....