Albaniýanyň paýtagtynda balerina meňzeş gökdirän bina gurlar

  • 23.07.2024 12:17
  • 9.3k+

Albaniýanyň paýtagty Tirana şäherinde Bond Tower diýlip atlandyrylýan özboluşly binany gurmak meýilleşdirilýär. OODA studiýasy tarapyndan işlenip düzülen bu bina balet tansynyň herekedini ýada salýan üýtgeşik bir görnüşe eýe bolar diýip, New Atlas habar berýär.

Bond Tower görnüşi boýunça bir gurluşa birigýän iki diňden ybaratdyr. Has beýik bolan diňde 50 gat bolar, tutuş toplumyň takyk beýikligi bolsa entek kesgitlenmedi.
Bu taslama milli alban halylaryndan, töwerekdäki daglardan we obalardan ylham aldy. Binanyň nagyşly fasady, toplumlaýyn ýaşyl giňişlikleri we üçekdäki eýwany binagärlik bilen tebigatyň sazlaşykly utgaşmasyny döreder.
Aşaky gatlarda söwda merkezleri we ofisler, olardan ýokarda bolsa myhmanhana ýerleşdiriler. Ýokarky gatlar balkonly kwartiralar üçin niýetlenen.
Özboluşly dizaýny bolany üçin, Bond Tower täsirli ululygyna garamazdan owadan we ýeňil görünýär.
Binanyň gurluşygy eýýäm başlandy, ýöne onuň tamamlanjak senesi entek kesgitlenmedi.

şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.2k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....