Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

  • 23.07.2024 10:24
  • 5.5k+

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Nobatdaky mejlisiň işine Bütindünýä miras komitetiniň 21 sany agza ýurtlaryň wekiliýetleri, şeýle-de 1972-nji ýylyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýa gatnaşýan döwletlerden synçylar gatnaşýar.
Mejlisiň açylyş dabarasyna Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň Sekretariatynyň işgärleri, medeniýet ministrleri, ilçiler, ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň jogapkär sekretarlary we guramanyň dürli agza ýurtlaryndan degişli ugurdaky bilermenler gatnaşdylar.
Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 23-25-nji iýul aralygynda Komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 124 gymmatlygyň ýagdaýyny gözden geçirer, olaryň 57-si Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen howp abanýan gymmatlyklardyr.
26-29-njy iýul aralygynda 27 gymmatlygy Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmek baradaky tekliplere garalar. Talapnamalar gymmatlyklaryň şu toparlary boýunça serediler: tebigy, garyşyk we medeni.


03.06.2026 17:49
3.8k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......