Apple geljekki eplenýän iPhone üçin çydamly ekrany patentledi

  • 22.07.2024 16:26
  • 7.4k+

Apple eplenýän ekranly iPhone-laryň işlenip düzülmek prosesine täzelenmeler girizýär. Muňa kompaniýanyň ABŞ-nyň Patent we söwda belligi edarasyndan (USPTO) alan täze patenti şaýatlyk edýär.

"Eplenýän ekranly elektron enjamlar" diýlip atlandyrylýan bu resminama, Apple-e çydamly we ygtybarly çeýe ekrany döretmäge mümkinçilik berýän tehnologiýany açýar.
Patente görä, Apple ekranyň dürli ýerlerinde dürli galyňlykdaky aýnalary ulanmagy teklip edýär. Ekranyň gyralarynda galyň aýna, inçe aýna bolsa epine has ýakyn bolan ýerde ulanylar. Bu ekranyň eplenýän ýerinde epin yzlarynyň emele gelmeginiň öňüni alar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Apple eplenýän ekranly iPhone-laryň işini bäsdeşleriniň ygtybarsyzlygy sebäpli togtadypdy. Täze tehnologiýa bu meseläni çözüp, kompaniýa eplenýän ekranly smartfonlary 2026-njy ýyldan soň çykarmaga mümkinçilik berer.
iPhone-dan başga-da, Apple eplenýän ekrany iPad we MacBook ýaly beýleki enjamlarda hem ulanmagy meýilleşdirýär. Ýöne Apple bu maglumaty resmi taýdan tassyklamady.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...