Samsung bary-ýogy 7-8 mm galyňlykda iň inçe eplenýän smartfony taýýarlaýar

  • 21.07.2024 13:24
  • 7.7k+

Samsung kompaniýasy galyňlygy bary-ýogy 7-8 mm bolan eplenýän smartfony işläp taýýarlamaga girişdi. Günorta Koreýanyň Naver neşiriniň maglumatlaryna görä, gurluş bazarda iň inçesi bolup biler.

Maglumatlara görä, gürrüň galyňlygy 10 mm töweregi boljak täze nesil Galaxy Z Fold6 Slim barada däldir. Heniz ady we çykyş senesi bolmadyk täze smartfon has inçe – 7 mm töweregi galyňlykda bolar.
Deňeşdirmek üçin: täze Galaxy Z Fold6 eplenen görnüşde 12,1 mm galyňlyga, Honor Magic V3 bolsa 9,3 mm galyňlyga eýe bolýar.
Häzirlikçe şeýle inçe eplenýän smartfony ulanmagyň näderejede howpsuz boljakdygy belli däl. Bu ýerde gurluşyň awtonomlygy hem mesele döredýär, sebäbi inçe korpusda uly akkumulýatory ýerleşdirmek mümkin bolmaz. Mysal üçin, Galaxy Z Fold6-da bary-ýogy 4400 mA/sag sygymly batareýa oturdylan. Şeýlelikde, kompaniýanyň eplenýän smartfonda şeýle galyňlygy nämäniň hasabyna gazanjakdygy näbelli bolmagynda galýar.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...