Transfermarkt: gruziýaly derwezeban Ýewro-2024-den soň iň gymmat derwezeban boldy

  • 21.07.2024 13:20
  • 13k+

Ýewropa çempionaty – 2024-de täsirli çykyşdan soň, Gruziýanyň milli ýygyndysynyň we “Walensiýa” ispan klubunyň derwezebany Georgiý Mamardaşwiliniň transfer bahasy 10 mln ýewro gymmatlady. Häzirki wagtda Transfermarkt portaly 23 ýaşly derwezebany 45 mln ýewro bilen bahalandyrýar.

Transfermarkt boýunça dünýäniň iň gymmat derwezebanlarynyň onlugy:

  1. Georgiý Mamardaşwili – 45 mln ýewro (Gruziýa)
  2. Diogo Koşta – 45 mln ýewro (Portugaliýa)
  3. Janluiji Donnarumma – 40 mln ýewro (Italiýa)
  4. Gregor Kobel – 40 mln ýewro (Şweýsariýa)
  5. Maýk Menýan – 38 mln ýewro (Fransiýa)
  6. Gulýelmo Wikario – 35 mln ýewro (Italiýa)
  7. Dawid Raýýa – 35 mln ýewro (Ispaniýa)
  8. Ederson – 35 mln ýewro (Braziliýa)
  9. Andre Onana – 35 mln ýewro (Kamerun)
  10. Unaý Simon – 30 mln ýewro (Ispaniýa)

Ýewropa çempionaty – 2024 ýaryşynda Gruziýa topary dörtden bir finala çykyp, Ispaniýadan 1:4 hasabynda utuldy.


şu gün 10:53
367

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......