Alymlar gadymy Kahokia şäheriniň ýitip gitmeginiň syry baradaky öňki teoriýany ret etdiler

  • 21.07.2024 10:51
  • 11k+

Taryhçylar köp wagtdan bäri gadymy Kahokia şäheriniň ýitip gitmeginiň syryny açmaga synanyşýarlar. Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň häzirki çäginde ýerleşen, 50 000 ilatly bu şäher Amerikanyň iň gülläp ösen ýerlerinden biri bolupdy, ýöne XIV asyryň ortalarynda ýaşaýjylar ony terk etdiler we bilermenler häli-häzire çenli munuň sebäbini doly anyklap bilenok.

ABŞ-nyň Ýer dolandyryş býurosy we Sent-Luisdäki Waşington uniwersiteti tarapyndan geçirilen täze barlag şäheriň pese gaçmagyna guraklygyň sebäp bolandygy baradaky öňki teoriýany ret edýär.
Uly çuňluklardan alnan topragyň nusgalarynyň seljermesi uglerod izotoplarynyň durnukly derejesini görkezdi, bu ýaşaýjylaryň şäherden çykan döwründe hasyl ýetmezçiliginiň bolmandygyna güwä geçýär. Alymlar Kahokianyň ilatynyň gurakçylyk şertlerine gowy uýgunlaşandygyny we olaryň çylşyrymly azyk saklaýyş ulgamlarynyň bolandygyny anykladylar.
Hünärmenler has giň sebitde ekinleriň gögerdilişine düşünmek we gadymy ekinleriň gurakçylyga durnuklylygyny barlamak üçin barlaglary dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.
Kahokianyň pese düşmeginiň takyk sebäpleri näbelliligine galýan hem bolsa, barlaglar munuň sosial, ykdysady ýa-da syýasy üýtgeşmeler ýaly, dürli daşarky faktorlar sebäpli kem-kemden ýüze çykan bolmagynyň mümkindigini görkezýär.
Barlagyň netijeleri The Holocene žurnalynda çap edildi.


düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......