Angliýanyň milli ýygyndysy täze baş tälimçini bildiriş arkaly gözleýär

  • 20.07.2024 23:34
  • 9.7k+

Futbol Assosiasiýasy (FA) Angliýanyň futbol boýunça erkekler ýygyndysyna täze baş tälimçiniň gözlenilýändigi barada bildiriş ýerleşdirdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

Mümkin bolan dalaşgäre UEFA-Pro ygtyýarnamasynyň bolmagy, Angliýanyň premýer-ligasynda ýa-da beýleki halkara ýaryşlarynda uly iş tejribesiniň, iňlis futbolçylaryny ösdürmek tejribesiniň bolmagy, stresse durnuklylyk, ýokary basyşda işläp bilmek başarnygy ýaly birnäçe talaplar bildirilýär.
“Üç ýolbarsyň” öňki halypasy Garet Sautgeýtdi, ol ýakynda ýygyndyny meýletin terk etdi. Angliýaly oýunçylar yzygider ikinji gezek Ýewro ýaryşynyň finalyna çykdylar, ýöne bu gezek topar Ispaniýadan utuldy. Sautgeýt Ýewropa çempionatynyň iki finalynda utulan taryhda ilkinji tälimçi boldy.
Berlindäki “Olimpiaşdation” stadionynda geçirilen duşuşyk ispaniýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ispaniýa taryhda dördünji gezek Ýewropa çempiony boldy. Angliýa bu ýaryşda heniz ýeňiji bolmady.
Boş iş orny 2-nji awgusta çenli açyk bolar.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......