Ispaniýa Ýewro-2024-üň finalynda Angliýadan üstün çykdy

  • 15.07.2024 02:20
  • 11k+

Ispaniýa Ýewro-2024-üň finalynda 2:1 hasap bilen Angliýadan üstün çykdy. Duşuşyk Berlinde Olimpiýa stadionynda geçirildi.

Ispaniýalylar 47-nji minutda Niko Uilýamsyň tagallasy bilen hasaby açdylar.
73-nji minutda iňlisler Koul Palmeriň goly bilen hasaby deňlediler.
86-njy minutda bolsa Mikel Oýarsabal ýeňiş goluny geçirdi.
Ispaniýa dördünji gezek Ýewropanyň çempiony boldy (1964, 2008, 2012, 2024). Bu rekord görkezijidir. Bu babatda ispanlar üç baýrak alan Germaniýadan öňe geçdiler. Şeýle hem ispanlarda bir kümüş (1984) we bürünç medal (2020) bar.
Angliýanyň milli ýygyndysy Ýewropa çempionatlarynda bir gezek hem ýeňiş gazanyp görmedi. Iňlisler geçen gezekki Ýewroda hem finala çykmagy başaryp, italýanlardan penalti urgulary boýunça asgyn geldiler. Iňlislerde iki bürünç medal bar
 (1968, 1996).
Ispaniýaly hüjümçi Lamin Ýamal Ýewro-2024-de dört gezek gol pasyny berdi - bu görkeziji bir gezekki Ýewropa çempionatynyň rekordynyň gaýtalanmasydyr diýip, Opta belleýär. Ýewropa çempionatlarynda dört gezek asist eden oýunçylardan -  şweýsariýaly Stiwen Suber (Ýewro-2020), uelsli Aaron Remzi (2016), belgiýaly Eden Azar (2016) we ýugaslawiýaly Lýubinko Drulowiç (2000) bar.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy bir ýaryşda geçiren gollarynyň sany boýunça hem rekordy täzeledi - 15 gol. Fransiýa 1984-nji ýylyň çempionatynda 14 gol geçirdi.
13-nji iýulda 17 ýaşyny dolduran Ýamal Ýewro we Dünýä çempionatlarynyň finalynda oýnan taryhda iň ýaş oýunçy boldy. Braziliýaly Pele Dünýä çempionaty - 1958-iň finalynda oýnanda 17 ýaş 249 gün dolupdy.


düýn 18:50
5.3k+

80 ýaşynda meşhur rumyn tälimçisi Mirça Luçesku aradan çykdy

7-nji aprelde Buharestde meşhur rumyn futbol tälimçisi Mirça Luçesku 80 ýaşynda dünýäden ötdi. Bu barada Antena 3 CNN telekanaly habar berdi....

düýn 12:31
6.2k+

«Bawariýa» soňky 10 oýunda ilkinji gezek «Realy» utdy, Hawers bolsa «Arsenala» ýeňiş getirdi

8-nji aprele geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji iki duşuşygy geçirildi....

06.04.2026 12:05
4k+

«PSW» möhletinden ir bassyr üçünji gezek Niderlandlaryň çempiony boldy

Eýndhoweniň «PSW» topary bassyr üçünji gezek futbol boýunça Niderlandlaryň çempionatynyň ýeňijisi boldy. 29-njy tapgyrda «PSW» topary «Utrehti» 4:3 hasabynda utdy. Şol bir wagtyň özünde, «Feýenoord» topary......

06.04.2026 10:44
8.4k+

The Athletic neşiri Abdukodir Husanowy özbekleriň Kriştianu Ronaldusy diýip atlandyrdy

The Athletic neşiri Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Siti» toparynyň goragçysy Abdukodir Husanowyň öz watanyndaky meşhurlyk derejesini portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu bilen deňeşdirdi....