«Bawariýa» soňky 10 oýunda ilkinji gezek «Realy» utdy, Hawers bolsa «Arsenala» ýeňiş getirdi

  • 08.04.2026 12:31
  • 7.7k+

8-nji aprele geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji iki duşuşygy geçirildi.

«Santýago Bernabeu» stadionynda geçirilen oýunda Madridiň «Realy» Mýunheniň «Bawariýasyndan» 1:2 hasabynda utuldy. 

Şeýlelikde, Germaniýanyň kluby «Real» bilen bolan gapma-garşylygynda dokuz ýeňlişsiz oýnunyň yzyny kesip, 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek «Santýago Bernabeuda» ýeňiş gazandy.

 

Wensan Kompaniniň topary 41-nji minutda hasaby açdy. Serž Gnabri topy geçirenden soň, Luis Dias ony derwezäniň aşaky sag burçuna iberdi. Arakesmeden soň Maýkl Oliseniň jerime meýdançasynyň çyzygyndan beren topuny Garri Keýn gol bilen tamamlap, myhmanlaryň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy.

«Real» 74-nji minutda Kilian Mbappeniň tagallasy bilen hasapdaky tapawudy azaltdy. Ýer eýeleriniň oýnuň ahyryndaky basyşyna garamazdan, duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanan mýunhenlileriň derwezebany Manuel Noýer ýeňişli hasaby saklamagy başardy.

 

Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 16-njy aprele geçilýän gije «Arena Mýunhen» stadionynda bolar. Iki oýnuň netijesi boýunça ýeňiji bolan topar «Pari Sen-Žermen» we «Liwerpul» duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar.

Şol bir wagtda geçirilen parallel oýunda Londonyň «Arsenaly» myhmançylykda Lissabonyň «Sportingini» 1:0 hasabynda utdy.

Oýnuň goşmaça wagtynda ýeke-täk goly ikinji ýarymda meýdança çykan Kaý Hawers geçirdi. Lissabon kluby 2025-nji ýylyň awgustyndan bäri öz öýünde ilkinji ýeňlişine sezewar boldy.

Birinji ýarym deň derejeli göreşde geçdi. Duşuşygyň ykbaly 91-nji minutda, Gabriel Martinelliniň Hawerse topy geçirmegi we onuň pursatdan peýdalanmagy bilen çözüldi.

Şeýle hem bu oýun «Arsenalyň» oýunçysy Maks Doumeniň meýdança çykmagy bilen taryha girdi. Ol 16 ýaş 97 günlük wagtynda ýaryşyň taryhynda çärýek finalyň iň ýaş gatnaşyjysy boldy.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip londonlylaryň derwezebany Dawid Raýýa yglan edildi.

Jogap duşuşygy 16-njy aprele geçilýän gije «Arsenal» stadionynda bolar. Iki oýnuň netijesi boýunça ýeňiji bolan topar «Barselona» – «Atletiko Madrid» duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar.


düýn 23:57
972

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......