Saçynyň uzynlygy 1,6 metrden gowrak bolan 17 ýaşly ýetginjek Rekordlar kitabyna girdi

  • 20.07.2024 23:23
  • 16k+

Günorta Dakotanyň Rapid-Siti şäherinden 17 ýaşly amerikaly Ruben Luks ýetginjek ýigitleriň arasynda iň uzyn saçy ösdürip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň saçynyň uzynlygy 161 sm barabar.

Ruben iki ýaşyndan bäri saçyny kesdirmedi. Ol saçynyň uzynlygy 146 sm bolan hindistanly Sidakdip Singh Çahalyň rekordyny täzeledi.
Luksyň ene-atasy ilkibaşda oglanyň saç gyrkýan maşinkadan gorkýandygy sebäpli saçy kesmezlik kararyna geldiler. Ulalandan soň oglan öz taýpasynyň däplerine laýyklykda saçyny ösdürmegi dowam etdi. Ýetginjek lakota halkynyň medeniýetinde uzyn saçlaryň olaryň ruhunyň bir bölegi hasaplanýandygy aýtdy. Şeýlelik bilen ýigit öz halkynyň däp-dessurlaryny dowam etdirýär.
Adatça, ol saçyny uzyn örüm edýär, her gün irden 20 minut wagty saçyny şampun we kondisioner bilen ýuwmaga sarp edýär, bir sagat guradýar, soň çözlemek, daramak we örmek üçin ýene 10 minut gerek bolýar.
Rekordy hasaba almak üçin, Luksyň saçy üç gezek ölçenildi, ahyrynda 161 sm ortaça görkeziji alyndy.
Ähli ýaşdaky erkek adamlaryň arasynda saç uzynlygy boýunça rekord Madrasdaky (Hindistan) Tirudaduturaý monastyrynyň başlygy Swami Pandarasannadhä degişlidir. 1949-njy ýylda onuň saçynyň uzynlygy 7,9 metrdi. Umumy ýetginjekleriň arasynda iň uzyn saç Hindistandan Nilanşi Patelde hasaba alyndy – dogry 2 metr. Gyz saçyny 2021-nji ýylda kesdi we muzeýe bagyş etdi.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......