Xiaomi Watch S4 Sport akylly sagady we Smart Band 9 fitnes bilezigi hödürlendi

  • 20.07.2024 22:13
  • 3.2k+

19-njy iýulda Xiaomi täze önümleriniň uly tomusky tanyşdyrylyşyny geçirdi. Çäräni kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun alyp bardy.

Tanyşdyrylyşda hödürlenen täzelikleriň biri-de dakylýan gurluşlaryň iki sany täze modeli boldy: Watch S4 Sport akylly sagady we Smart Band 9 fitnes-bilezigi.
Xiaomi Watch S4 Sport, adyndan görnüşi ýaly, türgenler üçin niýetlenýär. Sagat ýürek urgusyny, ganyň düzümindäki kislorodyň derejesini ölçemek üçin datçikler bilen üpjün edilendir we myşsalarda süýt kislotasynyň ýygnanma derejesini çaklamaga mümkinçilik berýän ýörite türgenleşik režimleri bar. Gurluş daýwerler üçin hem laýyk gelýär – ol 40 metre çenli çuňluga çydamlydyr.

  • Dizaýn we materiallar: titan korpus, iň ýokary 2200 kd/kw.m ýagtylykly, 1,43 dýuým diametrli tegelek AMOLED ekrany, agramy 49 gram.
  • Goşmaça mümkinçilikler: gurnalan GPS, smartfonsyz ulanmak üçin eSIM, 15 güne çenli awtonomlyk (eSIM bilen – 9 güne çenli).
  • Baha: 275 dollar.

Xiaomi Smart Band 9 meşhur fitnes bileziginiň täze neslidir. Hytaýdan daşary bu gurluş Xiaomi Band 9 ady bilen çykyp biler. Model metal we ak keramika görnüşleri bilen täzelenen dizaýna eýe boldy. Ol bir zarýadda 21 güne çenli işläp bilýär.

Gurluşyň esasy üýtgeşmeleriniň biri dürli ýagdaýlarda ulanmak üçin 20 dürli režim bilen kämilleşdirilen wibrasiýa ulgamy boldy. Bilezik Just Dance oýnunyň hytaý wersiýasy bilen baglanyşyk üçin hem ulanylyp bilner.

·Funksiýalar: ýokary takyklykda uka (+7,9%) we ýürek ritmine (+16%) gözegçilik, 150-den gowrak türgenleşik režimi, 5 ATM suwdan goragy.

·Goşmaça mümkinçilikler: 60 Gs ýygylykly 1,62 dýuým OLED displeýi, Bluetooth 5.4.

·Baha: esasy görnüş – 34 dollar, NFC-li görnüş – 41 dollar, keramiki görnüş – 48 dollar.

 


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...