Italiýada Lamborghini Diablo gaýtadan dikeldilýär: 1,5 mln dollarlyk ulagdan 19 nusga çykarylar

  • 20.07.2024 12:14
  • 9.9k+

Italiýanyň Eccentrica Cars kompaniýasy Lamborghini Diablo superkaryny gaýtadan dikeltmek taslamasynyň işläp taýýarlamagyň ahyrky tapgyrynda durandygyny tassyklady. Modelden jemi 19 nusga çykarylar, olaryň her biri 1,47 mln dollar baha bilen hödürlener.

Restomod täzelenen rul dolandyryşyna, döwrebap sürüjä kömek ulgamlaryna we kuwwaty 550 at güýji bolan (asyl nusgadaky 492-niň deregine) 5,7 litrlik V12 hereketlendirijisine eýe bolar.
Diablo Eccentrica tizligini sagatda 335 km çenli artdyryp bilýär (asyl nusgadan 10 km/sag köp) we tizligini sagatda 100 km çenli 3,8 sekuntda artdyrýar (asyl Diablo-nyň 4,1 sekunty bilen deňeşdirilende).
Lamborghini Diablo ilkinji gezek 1990-njy ýylda hödürlendi we markanyň tizligini sagatda 320 km-den gowrak artdyrmaga ukyply ilkinji awtomobili boldy. Model 2001-nji ýyla çenli çykaryldy, soň onuň ornuny Murciélago çalyşdy.


16.05.2026 18:14
4.2k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.5k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

11.03.2026 17:18
2.6k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...