“Barselona” we “Bawariýa” futbol klublary oýun egin-eşiklerini täzelediler

  • 20.07.2024 11:38
  • 11k+

Möwsümleriň arasyndaky arakesmede “Barselona” we “Bawariýa” futbol klublary 2024/2025 möwsüminiň täze oýun egin-eşiklerini görkezdiler.

“Barselonanyň” Nike-dan bolan täze egin-eşigi futbol ägirdini gözbaşlaryna alyp gidýär.
“Barselona” futbol klubunyň taryhynyň 125 ýyllygy mynasybetli döredilen köýnekçeleriň dizaýny klubuň mirasyndan, taryhyndan we başlangyçlaryndan ylham aldy. Logotipiň esasy elementleri hökmünde gök we goýy gyzyl reňkleri ulanylyp, toparyň tutuş taryhyny görkezýän ýörite, üýtgeşik we simwoliki dizaýn döredildi.
Klubuň gözbaşyna hormat goýmak maksady bilen, nusga hökmünde 1899-njy ýylyň ilkinji topar egin-eşigi ulanyldy diýip, Katalon kluby beýan edýär.

“Bawariýa” bolsa, adidas kompaniýasy tarapyndan döredilen oýun egin-eşigini hödürledi. Onuň dizaýny, XIX asyrdan bäri Mýunheniň merkezinde duran Bawariýanyň bürünç heýkelinden ylham aldy.
Köýnekçe gara reňkde edilip, onda meşhur şäher ýadygärliginiň nagşy bar. Klubuň nyşany bürünç reňkinde edilendir.


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......