AIW-e garşy täze derman synaglarda 100% netije görkezdi

  • 19.07.2024 22:45
  • 5k+

AIW-niň ýaş zenanlaryň arasynda giň ýaýran ýurtlary bolan Günorta Afrikada we Ugandada bu keseliň öňüni alýan täze dermanyň - lenakapawiriň kliniki synaglary tamamlandy. Amerikanyň Gilead Sciences biofarmakologiki barlag kompaniýasynyň metbugat beýanatyna görä, synaglar dermanyň ýokary netijelidigi sebäpli ir togtadyldy.

Barlaga 16-25 ýaş aralygyndaky 5300-den gowrak zenan gatnaşdy. Toparlaryň birinde näsaglara lenakapawir, beýlekisinde - wirusa garşy başga dermanlar - Descovy we Truvada sanjyldy.
Bir ýyllap dowam eden barlagyň ahyrynda lenakapawir alýan 2 134 zenanyň hiç birine AIW ýokuşmady. Descovy we Truvada ulanylan toparlarda netije beýle bir öwerlik bolmady: birinji derman serişdesi sanjylan adamlaryň arasyndan 16-syna, ikinjisi sanjylanlaryň içinden bolsa  39 adama kesel ýokuşdy.
Lanekapawir sanjymly derman bolup, ol ýylda diňe iki gezek urulmaly. AIW-niň netijesi yzygiderli ulanylyşyna bagly bolan öňüni alyş tabletkalaryndan tapawutlylykda, sanjym has durnukly goragy üpjün edýär.
Netijäniň gowudygyna garamazdan, lenakapawiriň kliniki synaglary dowam edýär. Häzirki wagtda bu derman AIW ýokanjyny toplumlaýyn bejermekde ulanmak üçin FDA tarapyndan tassyklandy, ýöne öňüni almakda ulanmak heniz tassyklanmady.
Bu tapgyrda hemmeleriň derman satyn alyp bilmejekdigini bellemelidiris: bejerginiň ilkinji ýylynda sanjymlar näsaglara 42 müň dollara düşer, geljekde bahasy 39 müň dollara çenli arzanlar, emma bu henizem gaty gymmat düşýän bejergiligine galar. Öndüriji kompaniýa, lenakapawiriň geljekki barlaglarynyň netijeleri belli bolanda, bahany ondanam arzanlatmagy wada berýär.


şu gün 12:32
3.2k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......