MLS-de rekord: 14 ýaşly Kawan Salliwan liganyň taryhynda iň ýaş oýunçy boldy

  • 19.07.2024 12:43
  • 10k+

“Filadelfiýa Ýunion” klubunyň amerikaly ýarym goragçysy Kawan Salliwan Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) taryhynda iň ýaş oýunçy bolup, “Di Si Ýunaýtediň” öňki hüjümçisi Freddi Adunyň rekordyny täzeledi.

Penşenbe gününe geçilen gije “Filadelfiýa” MLS-iň yzygiderli möwsüm oýnunda öýünde “Nýu-Inglend Rewolýuşn” toparyny 5:1 hasabynda utdy.
Kawan Salliwan 85-nji minutda Tai Baribonyň deregine meýdança çykyp, MLS-de ilkinji gezek çykyş etdi. Oýun güni ol 14 ýyl 293 gün ýaşyndady. Şeýlelikde, oýunçy 2004-nji ýyldan bäri saklanan we ilkinji çykyş güni 14 ýyl 306 gün ýaşynda bolan Freddi Adu tarapyndan goýlan rekordy täzeledi.


şu gün 10:24
3.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8.1k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......