Samsung TXT k-pop toparynyň ýerine ýetirmeginde Galaxy brendiniň senasyny hödürledi

  • 19.07.2024 12:32
  • 3.3k+

Samsung kompaniýasy Galaxy brendiniň Günorta Koreýanyň Tomorrow X Together (TXT) k-pop topary tarapyndan döredilen täze senasyny hödürledi. “Open Always Wins” kompozisiýasy brendiň esasy gymmatlygyny – açyklygy şöhlelendirýär we alternatiw rok stilinde ýerine ýetirilen diýip, RBK habar berýär. 

Aýdym 18-nji iýulda Koreýanyň wagty bilen 13:00-da YouTube Music, Spotify ýaly ähli meşhur aýdym-saz platformalarynda çykdy. Klibe Samsung-yň resmi YouTube kanalynda tomaşa etmek bolýar.
TXT toparynyň agzalary örän meşhur sazandalardyr we olar “Z nesliniň ikonasy” hasaplanýar. TXT 2022-nji ýylda Çikagoda geçirilen Lollapalooza festiwalynda çykyş eden ilkinji k-pop topary boldy, 2023-nji ýylyň awgustynda bolsa bu festiwala ýolbaşçylyk etdi.
Galaxy senasyna bagyşlanan klipde 10-njy iýulda Pariždäki Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşynda hödürlenen täze Samsung Galaxy Z Flip 6 smartfony görkezilýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...