Şertli ady - Moohan: Samsung Apple Vision Pro-nyň bäsdeşi boljak VR şlemini taýýarlaýar

  • 18.07.2024 12:36
  • 2.6k+

Samsung Apple Vision Pro-nyň bäsdeşi boljak garyşyk hakykat şlemini çykarmaga taýynlanýar. Business Insider-iň berýän maglumatlaryna görä, “Moohan” diýlip atlandyrylan bu enjam 2025-nji ýylyň başynda, belki-de Galaxy S25 smartfonlarynyň görkezilişi bilen bir wagtda hödürlener.

Şlem Google we Qualcomm bilen bilelikde işlenip düzülýär. Google Android VR operasiýa ulgamyny üpjün eder, Qualcomm bolsa Snapdragon XR2 Gen2 + prosessorlaryny berer.
Smartprix-iň berýän habaryna görä, enjamda Samsung Display-iň Apple Vision Pro-dan has ýokary şekil hödürleýän 4K Micro OLED displeýleri bolar.
Şlem özbaşdak hem, Galaxy smartfonlary bilen baglanyşykda hem işlär. Enjamyň bahasynyň Apple Vision Pro-nyňky ýaly, 3500 dollar töweregi bolmagyna garaşylýar. Çen bilen, Samsung XR diýip atlandyrylmagyna garaşylýan enjamyň 2025-nji ýylyň mart aýynda satylyp başlanmagyna garaşylýar.


22.03.2026 04:18
2.1k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...