Xiaomi "Smart Band 9-y" çykarmaga taýynlanýar

  • 18.07.2024 11:33
  • 1.9k+

Xiaomi ertir, 19-njy iýulda täze akylly bilezigi bolan "Smart Band 9-yň" tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer.

Dabarany kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun geçirer diýip, ITHome habar berýär.
Bellenilişi ýaly, fitnes-treker metal korpusa eýe bolup, akylly funksiýalara we gowulandyrylan datçiklere eýe bolan täze displeý alar. Ekranyň ýagtylygy iki esse artyp, 1200 nite deň bolar, awtonom iş wagty bolsa 20 güne barabar bolar.
Maglumatlara görä, ýürek urgusynyň we SpO2-niň datçikleriniň takyklygy 10% ýokarlanar. Mundan başga-da, enjama Bluetooth 5.4 oturdylar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...