Nissan kompaniýasy Versa we Altima awtoulaglaryny çykarmagyny bes edýär

  • 17.07.2024 17:02
  • 9.9k+

Nissan awtoulaglarynyň iki modeli - Versa we Altima-nyň önümçiligini bes edýändigini mälim etdi diýip, IXBT habar berýär.

Markanyň iň elýeterli awtoulagy bolan Versa-nyň önümçiligi indiki ýyl bes ediler. Altima sedanynyň önümçiligi bolsa, 2026-njy ýylda bes ediler.
Nissan-yň bu karary, has girdejili modelleriň, esasanam krossowerler we wnedorožnikleriň önümçiligini ýokarlandymak bilen baglanyşyklydyr.
Versa we Altima-nyň önümçiliginiň bes edilmegi bilen, Sentra sedany Nissan hatarynyň ýeke-täk sedany bolup galar. Şeýle hem, hatarda Z sport awtoulagy, Leaf EV hetçbegi, Frontier pikapy we birnäçe krossowerler we wnedorožnikler galar.
2007-nji ýylda çykarylan Versa özüniň elýeterliligi bilen tanaldy. 2009-njy ýylda onuň 10 000 dollardan arzan bolan has amatly görnüşi hödürlendi. Sentra sedanynyň bahasy bolsa, Versa-nyň asyl wersiýasyndan 4500 dollar gymmatdyr.


08.06.2026 16:02
2k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.6k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.2k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....