Dubaýyň "Ýaşyl örküçleri": BAE-de iň uzyn "ýaşyl" awtoulag ýoly peýda bolar

  • 16.07.2024 14:41
  • 10k+

Dubaýda ýene bir innowasion mega-taslama durmuşa geçirilýär. Bu gezek gürrüň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinde hereket etjek dünýäniň iň uzyn “ýaşyl” awtoulag ýoly barada gidýär. Taslama Green Spine (“Ýaşyl örküç”) diýlip atlandyryldy.

Taslamanyň awtorlary şäheriň uglerod galyndylaryny mümkin boldugyça azaltmagy maksat edinýärler.
Ýollaryň ugrunda oturdylan Gün panelleri bilen işleýän elektrik tramwaýlar 64 km-e uzaýan  ugur boýunça hereket eder.
Green Spine diňe bir ulag geçelgesine däl, eýsem, ekologiki oazise öwrüler: ýoluň uzaboýuna bir milliondan gowrak agaç ekmek, ýagyş suwlaryny ýygnaýjy ulgamy döretmek we seýilgähleridir bag-bakjaly ýerleri gurmak meýilleşdirilýär. Uly ýoluň ýakasynda ýerleşýän binalaryň öň taraplary dik dyrmaşyp ösýän baglar bilen bezeler.
Taslama öň Dubai Reefs, Dubaý Mangroves we The Loop ýaly, taslamalarda işlän URB tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Green Spine-nyň gurluşygy 2040-njy ýyla çenli tamamlanar.


07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
2.9k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 11:47
9.6k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....