«Real» Mbappeniň köýnekçeleriniň satuwynyň birinji gününde 800 müň ýewro gazandy

  • 15.07.2024 21:31
  • 11k+

Madridiň "Realy" täze hüjümçisi Kilian Mbappeniň köýnekçeleriniň satuwynyň birinji gününde 800 müň ýewro gazandy.

Madrid Xtra-yň El Chiringuito neşirine salgylanyp habar bermegine görä, diňe onlaýn dükanynyň üsti bilen klub fransuz futbolçysynyň 7 müňden gowrak köýnekçesini satdy.
Habar beriş serişdeleri klubda köýnekçä islegiň şular ýaly derejede bolmagyna garaşmandyklaryny we ibermeleriň eglenip biljekdigini habar berýärler.
Mbappeniň täze klubunda tanyşdyrylyşy 16-njy iýula meýilleşdirilýär.
Ýatlatsak, 3-nji iýunda Mbappe resmi taýdan "Realyň" oýunçysy boldy. Dürli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, futbolçynyň zähmet haky ýylda 30 million ýewro bolar we her geçiren goly üçin bonus tölener. Şertnamada oýunçynyň öwez tölegi 1 milliard ýewro möçberinde bellenen.


şu gün 14:50
1.7k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

şu gün 10:04
2.8k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

düýn 23:30
5.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....