Messi taryhda iň köp titula eýe bolan futbolçy boldy

  • 15.07.2024 15:48
  • 16k+

Lionel Messi Amerikanyň Kubogy – 2024-de Argentinanyň milli ýygyndysy ýeňiş gazanandan soň taryhda iň köp titully oýunçy boldy. Indi 37 ýaşly hüjümçiniň hasabynda 45 kubok bar.

Bu görkeziji boýunça ol braziliýaly goragçy, “Barselona” boýunça öňki klubdaşy Dani Alwesden öňe geçdi. Onuň hasabynda 44 titul bar.
Üçlügi tutuş karýerasynyň dowamynda “Al-Ahlide” çykyş eden müsürli ýarym goragçy Hossam Aşur jemleýär – 39 kubok.
2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Messi “Inter Maýamide” çykyş edýär, oňa “PSŽ-den” erkin agent hökmünde geçdi.
Ol Amerikanyň Kubogy – 2024-de dört oýna gatnaşyp, bir gol geçirdi we bir netijeli geçirim etdi. Argentinalylar finalda Kolumbiýanyň toparyny 1:0 hasabynda utdular (goşmaça wagt).


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......