14-nji iýulda Günde bäş sany güýçli alawlama boldy, olaryň biri iň soňky klasa degişli

  • 15.07.2024 15:04
  • 8.9k+

14-nji iýulda Günde dowamlylygy 29 minut bolan bäş sany güýçli alawlama, şol sanda Х1.3 klasa degişli alawlama bolup geçdi diýip, TASS agentligi habar berýär.

Amaly geofizika institutynyň maglumatlaryna görä, Х klasa degişli alawlama 07:34 (Aşgabat wagty bilen) 3738 tegmiller toparynda bolup geçdi.
14-nji iýula geçilýän gije M5.0, M2.7, M1.7 klasa degişli, ertesi irden bolsa – М3.0 klasa degişli alawlama hasaba alyndy.
Alawlamalar netijesinde Gün serpikmeleriniň Ýeriň ionosferasyna täsir derejesi bäş ballyk şkala boýunça R3 (güýçli) derejä ýetdi. Häzirki wagtda bu täsir nol derejä düşdi.
Gün alawlamalary rentgen şöhlesiniň güýji boýunça bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. Alawlar, adatça, Ýere ýetende magnit tupanlaryny döredip biljek Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen utgaşýar.


15.06.2026 22:20
5.4k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...