Ýaponiýanyň Ýamagata prefekturasy kanuny taýdan ýaşaýjylary gülmäge çagyrýar

  • 15.07.2024 14:12
  • 6.6k+

Ýaponiýanyň Ýamagata prefekturasy adaty bolmadyk karar kabul etdi. South China Morning Post gazetiniň habar bermegine görä, häkimiýetler ýaşaýjylary günde azyndan bir gezek gülmäge çagyrýar.

Bu başlangyjy, gülki bilen saglygyň gowulaşmagynyň we ömrüň uzamagynyň arasyndaky baglanyşygy görkezýän barlagyň esasynda, Liberal-Demokratik partiýa teklip etdi.
Kanun raýatlary her gün gülmäge we iş berijileri bolsa “iş ýerlerinde gülki bilen gurşalan atmosferany döretmäge” çagyrýar. Her aýyň sekizinji güni “ýaşaýjylaryň gülmek arkaly saglyklaryny gowulaşdyrmaly” güni diýlip yglan edilýär.
Şeýle-de bolsa, bu karar köpçüligiň arasynda jedel döretdi. Ýaponiýanyň Kommunistik we konstitusion-demokratik partiýalary kanunyň, esasanam, ýarawsyzlyk sebäpli gülki ýadyna düşmeýän adamlaryň erkinligine we hukuklaryna zyýan ýetirýändigi barada alada bildirdi.
Kararyň awtorlary muňa jogap hökmünde resminamanyň "adamyň şahsy islegine hormat goýýandygyny" belläp, kanun adamlary gülmäge mejbur etmeýär we munuň üçin hiç hili jerimäni göz öňünde tutmaýar diýip belleýärler.


18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......