Makgregor UFC bilen 2024-nji ýylyň ahyryna çenli söweşmek barada ylalaşdy

  • 15.07.2024 12:05
  • 12k+

Ýarym ýeňil we ýeňil agram derejelerinde UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor 2024-nji ýylyň ahyryna çenli UFC-de söweş geçirjekdigini tassyklady. Bu barada ol X sosial ulgamynda habar berdi.

Makgregoryň aýtmagyna görä, ol UFC-niň prezidenti Dana Uaýt bilen gepleşik geçirdi we olar söweşiň täze senesi barada ylalaşyga geldiler.
36 ýaşly irlandiýaly iýun aýynyň ahyrynda amerikaly Maýkl Çendler bilen duşuşmalydy, ýöne şikes aldy. Makgregoryň soňky söweşi 2021-nji ýylyň iýul aýynda boldy, şonda Dastin Porýe bilen söweşde aýagy döwüldi.
MMA-daky karýerasynda Makgregor 28 söweşe gatnaşyp, 22 ýeňiş gazandy. Ol bir wagtda dürli agram derejelerinde iki titula eýeçilik eden ilkinji UFC söweşijisi boldy.


düýn 23:43
3.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......