Türkmenistan Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly hereketi ýazgardy

  • 15.07.2024 03:02
  • 44k+

Türkmenistanda ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habar uly howatyrlanma bilen kabul edildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 14-nji iýulda ýaýradan beýanatynda belleýşi ýaly "türkmen tarapy güýç ulanmak boýunça bu hereketi aýgytly ýazgarýar we Donald Trampa tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär".

"Türkmenistan terrorçylygyň ähli görnüşleriniň ýüze çykmasyna we jemgyýetde dartgynlygy döredýän syýasy süteme garşy göreşmek boýunça halkara tagallalarynyň işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edýär" - diýlip habarda aýdylýar.

Şenbe güni ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Tramp Pensilwaniýa ştatynda Batler şäherinde saýlawçylar bilen duşuşygynyň barşynda atylan ok netijesinde gulagyndan şikes aldy. Syýasatça ot açan adam ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ýok edildi. Atyşyk netijesinde bir adam - 50 ýaşly ýangyn söndüriji Kori Komperator aradan çykdy. Ýene-de iki sany tomaşaçy şikes aldy.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Trampyň tiz wagtda sagalmagyna umyt baglady.
Maglumatlara görä, ot açan adam Pensilwaniýanyň 20 ýaşly ýaşaýjysy Tomas Mettýu Kruks eken. Onuň bu hereketiniň sebäpleri derňelýär.


15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.8k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

12.05.2026 20:41
13k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......