Ilkinji kibersport Olimpiýa oýunlary 2025-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriler

  • 13.07.2024 22:21
  • 4.8k+

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) ilkinji kibersport Olimpiýa oýunlarynyň 2025-nji ýylda geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi. Ol HOK bilen 12 ýyllyk şertnama baglaşan Saud Arabystanynda geçiriler.

Oýunlaryň takyk geçiriljek ýeri, dersleriň sanawy we hünär derejesiniň ýörelgeleri entek kesgitlenmedi. Şeýle-de bolsa, HOK-yň bu maksatnama Rocket League, Street Fighter we League of Legends ýaly meşhur elektron sport derslerini goşmak mümkinçiligini göz öňünde tutýandygy mälimdir.
Taslama gatnaşmaga, öňi bilen, sportuň wirtual görnüşlerine eýýäm gatnaşan halkara federasiýalar we milli olimpiýa komitetleri çagyrylýar. Bu gurama “2023-nji ýylyň Olimpiýa kibersport seriýasy” geçirilende şuňa meňzeş çemeleşmäni ulandy, şonda ýaryşlar Gran Turismo 7-de, Just Dance-de, Fortnite-de we beýleki oýunlarda ýaryşlarda guralypdy.
HOK Olimpiýa oýunlaryny yzygiderli geçiriljek çärä öwürmegi maksat edinýär. Oýunlary her iki ýyldan bir gezek geçirmek meýilleşdirilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Günorta Koreýa geljekdäki ýaryşlary geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.


18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

08.06.2026 12:42
10k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

22.05.2026 07:24
10k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....