Galaxy Unpacked: Samsung Pariždäki tanyşdyrylyşda ýene näme görkezdi?

  • 12.07.2024 15:02
  • 9.2k+

Parižde Samsung Galaxy Unpacked çäresi geçirildi we onda günorta koreýaly tehnologiýa ägirdi köp sanly täze önümleri hödürledi.

Galaxy Watch 7 Series
Akylly sagatlaryň täze nesli Galaxy Watch 7 özboluşly dizaýna eýe boldy. Esasy wersiýa alýumin korpusly we ýakut aýnaly iki ölçegde (40 mm we 44 mm) hödürlendi. Galaxy Watch 7 Ultra (47 mm) premial modeliniň titan korpusy bar.
Galaxy Watch 7 täze Exynos W1000 prosessoryna, 2 GB operatiw ýada we 32 GB ýada eýe boldy. Premial model Ultra-da 590 mAs sygymly akkumulýator oturdyldy, adaty wersiýalarda akkumulýatoryň sygymy – 300 we 425 mAs. Sagatlar hem IP6X, IP68 we MID STD 810 H ülňülerine laýyklykda tozandan we suwdan goraga eýe boldular.

Funksiýalaryň arasynda beden görkezijilerini takyk yzarlamak üçin BioActive Sensor datçigi, emeli aňyň kömegi bilen uky seljerişi we ukuda apnoe alamatlaryny anyklaýyş funksiýasy bar.

Baha:

  • Samsung Galaxy Watch 7 – 299 dollardan başlaýar;
  • Samsung Galaxy Watch 7 Ultra – 649 dollar.

Galaxy Buds3Nauşnikleriň täze nesli täzelenen dizaýn bilen tapawutlanýar. 
Galaxy Buds3 Pro kämilleşdirilen ses bilen täze draýwerlere, adaty režimde zarýad bermezden 7 sagada we galmagaly ýatyrma bilen 6 sagada çenli awtonomlyga eýe boldy.
Galaxy Buds3, öz gezeginde, reňk gammasy boýunça täzelendi. Ol zarýad bermesiz galmagaly ýatyrma bilen 5 sagat, onsuz 6 sagat işleýär.
Her nauşnige yşyk diodly zolak goşuldy. Şeýle indikator zarýady görkezmek üçin gerek, ýöne ony öçürmek bolýar.

Baha:

  • Galaxy Buds3 Pro – $249,
  • Galaxy Buds3 – $179.


24.02.2026 09:33
1.4k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
6k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...