Samsung täze akylly ýüzügi Galaxy Ring-i hödürledi. Onuň bahasy $400

  • 12.07.2024 14:50
  • 6.8k+

Samsung kompaniýasynyň Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşynda esasy premýeralarynyň biri Galaxy Ring akylly ýüzügi boldy. Kompaniýa ony 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda anons edipdi, ýöne şol wagt bu täze önüm barada jikme-jik maglumat ýokdy. Indiki aý geçirilen MWC sergisinde bolsa kompaniýa ilkinji gezek aksessuary ýakyndan görkezdi.

 

Titan erginden ýasalan bu ýüzük puls, dem alyş ýygylygy, uky döwri we ädim sany ýaly dürli saglyk görkezijilerini yzarlamaga ukyplydyr. Galaxy Ring ýürek ýygrylmasynyň ýygylygyny ölçemek üçin optiki datçik PPG hem-de beden temperaturasynyň datçigi bilen üpjün edildi.
Samsung Galaxy Ring Bluetooth LE 5.4 arkaly diňe Android 11-iň ýa-da ondan soňky wersiýalaryň dolandyrmagynda işleýän Galaxy smartfonlaryna birigýär. Munuň üçin Samsung akkaunty we Samsung Health goşundysy gerek – goşmaça tölegli ýazylyşyk talap edilmeýär.

 

Gurluş el hereketleri bilen Samsung smartfonyny dolandyrmak, mysal üçin, surata düşürmek ýa-da budilnigi öçürmek üçin ulanylyp bilner.
Ýüzük IP68 goragyna we 10 atm çenli suw geçirmezlige eýedir – ony islendik howa şertlerinde, şeýle-de suwda ýüzülen wagty dakynmak bolýar.
Gajet Samsung Find bilen gabat gelýär we ol ýiten ýagdaýynda oturdylan yşyk diodly indikatorlar arkaly signal berip bilýär.
Ýüzügiň akkumulýatorynyň sygymy onuň ölçegine bagly: iň kiçi modeller 6 güne, uly modeller 7 güne çenli işleýär. Zarýad beriş futlýaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Samsung Galaxy Ring üç reňkde: gara, kümüşsöw we altynsow reňklerde elýeterlidir. Onuň bahasy 399,99 dollar.
Öň, Ice Universe insaýderi dokuz ölçegde Samsung Galaxy Ring akylly ýüzüginiň suratyny paýlaşdy.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...