Kosmosa uçuşlar astronawtlaryň bedeninde üýtgeşmeleri döredýär

  • 12.07.2024 11:50
  • 12k+

Barlaglar kosmosa uçuşlaryň adamyň bedenine düýpli täsir ýetirip biljekdigini  görkezýär. NASA we beýleki guramalar tarapyndan geçirilen soňky barlaglar kosmosda bolmagyň hromosomlaryň ujundaky gorag “gapaklary” bolan telomerleriň uzynlygyna täsiriniň bardygyny ýüze çykardy.

2015-nji ýylda NASA synagyň çäklerinde Halkara kosmos stansiýasyna astronawt Skott Kelli bilen ilkinji bir ýyllyk missiýasyny iberipdi. Onuň beden taýdan birmeňzeş ekiztaýy Mark Ýerde galdy. Alymlar ganyň nusgalarynyň kömegi bilen organizmiň uçuşdan öňki we Ýere gonandan soňky ýagdaýyny deňeşdirmek islediler. Netijede, olar garaşylmadyk bir tapawudy tapdylar. HKS-da bir ýyl bolandan soň, astronawtyň telomerleri uzalypdyr. Adatça, dürli faktorlaryň täsiri bilen olar kiçelýärler we demensiýa, rak we ýürek-damar ýetmezçiligi ýaly keselleriň ösüşiniň görkezijisi bolup bilerler. Mundan başga-da, kosmonawtlaryň telomerleri gaýdyp gelenden soň tiz öňki kaddyna gaýdyp geldiler, biraz soň bolsa deslapky ýagdaýyndan hem has gysgaldylar.
Şuňa meňzeş netijeler alty aýlyk missiýa bilen HKS-a giden 10 astronawt bilen geçirilen barlagda-da alyndy. Astronawtlar gatnaşmazdan geçirilen terjibeler synaga  has hem aýdyňlyk getirdi. Alymlar Ewereste çykan alpinistleriň organizmlerini öwrendiler. Netije birmeňzeş boldy. Telomeriň uzynlygynyň üýtgemegine HKS-yň mikrograwitasiýasy däl-de, başga täsirler sebäp bolan bolsa gerek. Mysal üçin, radiasiýanyň täsiriniň ýokarlanmagy.

2021-nji ýylda kosmos syýahatçylarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek guralan SpaceX Inspiration4 missiýasy wagtynda, hatda gysga wagtlyk uçuşlar (3 gün) hem şuňa meňzeş üýtgeşmeleri döretdi. Diýmek, bu hatda gysga “syýahatyň” hem netijede adamyň ýaşynyň kemelmegine getirýändigini aňladýar.
Alymlar häzirlikçe bu üýtgeşmeleri gutarnykly düşündirip bilmeýärler, ýöne olaryň radiasiýanyň täsir etmegi we kosmos giňişligine häsiýetli okisleýji stres bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler.


09.06.2026 23:14
7.1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....