Xiaomi HyperOS-da smartfonlarda mahabaty öçürmek aýratynlygyny synag edýär

  • 12.07.2024 11:30
  • 2.5k+

Xiaomi kompaniýasy ulanyjylara tutuş ulgamyň mahabatyny bir düwme bilen öçürmäge mümkinçilik berýän HyperOS operasion ulgamynda täze bir aýratynlygy synap başlady diýip, SmartPrix habar berýär.

Ozal Xiaomi smartfonlarynda mahabatlary öçürmek üçin ulanyjylar köp aýratyn sazlamalardan geçmeli bolýardy we bu iş uzak dowam edýärdi, irizýärdi. Täze aýratynlyk ähli ulgam programmalarynda mahabatlary öçürmek üçin ýekeje düwmä basmak arkaly işi ep-esli aňsatlaşdyrýar.
Täze HyperOS aýratynlygy Xiaomi 13 Pro flagman modelinde synagdan geçirilýär. Aýratynlygyň köpçülige haçan hödürlenjegi entek belli däl.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...