Wirtual hakykatda duran ýeriňde ylgamak üçin täsin aýakgaplar hödürlendi

  • 11.07.2024 18:41
  • 6.7k+

Iňlis-amerikan startapy Freeaim wirtual hakykatda hereket etmek üçin özboluşly VR Shoes aýakgaplaryny hödürledi. Häzirki wagtda diňe korporatiw müşderileri üçin elýeterli bolan täze önüm elektrik rolikli konkileriň tehnologiasy boýunça işleýär. VR Shoes, ulanyjyny 2/2 metre çenli howpsuz zonada saklap, wirtual dünýäde howpsuz hereket etmäge mümkinçilik berýär diýip, New Atlas habar berýär.

Her “aýakgap” öwrüliş platformalary bolan sekiz tigir, dolandyryş ulgamy we bir ýarym sagada çenli ulanmagy üpjün edýän batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr. VR Shoes-yň dizaýny aýakgaplaryň 2025-nji ýyla meýilleşdirilen sarp ediş wersiýasynyň çykmazyndan ozal has hem kämilleşdiriler.
Öndürijiniň aýtmagyna görä, VR Shoes aýakgaplary SteamVR-i goldaýan ähli wirtual garnituralary bilen utgaşýar. Geljekde, ulanyjynyň adaty bolmadyk hereketlerini hem dogry okap biler ýaly, VR Shoes öz funksiýalaryny kämilleşdirer.
VR Shoes-yň sarp ediş wersiýasynyň bahasynyň 1000 dollar töweregi bolmagyna garaşylýar.


düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....