Türkmen sürüjileri “Ýüpek ýoly-2024” rallisinde ikinji we üçünji ýere çykdylar

  • 11.07.2024 15:17
  • 10k+

“Ýüpek ýoly” ralli ýaryşynyň altynjy tapgyrynyň netijesi boýunça, Türkmenistandan iki ekipaž ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply T2 awtoulaglarynyň sanawynda ikinji we üçünji ýere çykdy. Muňa, esasan, garşydaşlarda ýüze çykan tehniki näsazlyklar ýardam etdi diýip, ralli-marafonyň metbugat gullugy habar berýär.

Mongoliýanyň Howd şäheriniň golaýyndaky halkalaýyn tapgyr ralli ýolunda iň uzyn (542,30 km) we çäge depelerinden geçmeli bolan ilkinji tapgyr boldy. Sanawda nobatdaky ýeňşi Toyota-da Andreý Suşensow gazanyp, öňdebaryjylygyny berkitdi.
Indi Suşensowyň ýakyn bäsdeşi 2022-nji ýyldaky “Ýüpek ýoly” rallisinde ýeňiji bolan doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň ekipažy boldy. Tapgyryň netijesi boýunça, olar öňdebaryjydan iki ýarym sagatdan gowrak yza galýarlar. Üçünji ýere hem Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň Maksatmyrat Daňatarowyň we şturman Didar Orazmedowyň dolandyrmagynda ýene bir ekipažy çykdy.
Ýaryşyň esasy faworitleriniň biri bolan LADA Sport ROSNEFT Raid-den Mihail Mitýaýew çäge depesinden şowsuz aşak düşmegi sebäpli, tehniki näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy we ýörite ýol bölegini asfalt ýoly arkaly tamamlady, şonuň üçin ekipaž on sagat yza galdy diýlip hasaplandy. Anton Melnikowyň dolandyrmagynda “Podmoskowýe” ekipažy hereketlendiriji näsazlygy sebäpli ýaryşy möhletinden ir tamamlamaly boldy.
“Ýüpek ýoly” ralli ýaryşy 15-nji iýula çenli dowam eder.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

08.06.2026 12:15
2.1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....