Dünýä ummany akymlaryň haýallamagy zerarly kömürturşy gazyny az siňdirýär

  • 10.07.2024 18:24
  • 10k+

Dünýä ummanyndaky global “üznüksiz akymlaryň” haýallamagy kömürturşy gazynyň umman tarapyndan siňdirilişiniň kemelmegine we ählumumy maýyllaşmanyň güýçlenmegine sebäp bolar diýip, amerikan alymlary duýdurýarlar.

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) barlagçylary umman akymlarynyň haýallamagynyň fitoplanktonyň ömrüne we gidrosferadaky ýokumly maddalaryň deňagramlylygyna täsirini modelirlediler. Netijeler, akymlaryň tizliginiň peselmeginiň fitoplanktona demriň barşyny azaldyp, olaryň CO2-ni siňdiriş ukybyny peseltjekdigini görkezdi.

"Hasaplamalarymyz, ummanlaryň CO2 zyňyndylaryň ep-esli bölegini özüne siňdirip, çuň gatlaklarynda saklajakdygyna bil baglap bilmejekdigimizi görkezýär. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin goşmaça wagt bolar diýen umyt bilen bu tebigy proseslere bil baglamazdan, hut häzirden parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaklyga çalt girişmek  gerek" diýip, TASS barlagyň esasy awtory Jonatan Loderdeýliň sözlerini getirýär.

Alymlar polýar buz gatlaklarynyň eremegi sebäpli, suw aýlawynyň 30% haýallamagy bilen, umman diňe bir CO2-ni siňdirmegini bes etmän, eýsem ony özi atmosfera zyňyp başlar diýip howsala düşýärler.

"Bu ählumumy maýlamany hasam çaltlaşdyrar" diýip, Loderdeýl sözüni jemleýär.

“Üznüksiz akymlar” - bu tutuş Atlantik ummanyny öz içine alýan hem-de suwuň üstki we çuň gatlaklarynyň arasyndaky suw çalşygynda möhüm rol oýnaýan ullakan ýapyk akym ulgamydyr.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.8k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......