Apple iOS 18 Beta 3-i çykardy: täze funksiýalar, iş stolunyň täzelenmesi

  • 10.07.2024 22:56
  • 8.4k+

Apple işläp düzüji hasaby bolan ulanyjylar üçin elýeterli bolan iOS 18-iň üçünji beta wersiýasyny çykardy. Täzelenmede işläp düzüjiler ýalňyşlyklary düzetmäge we täze funksiýalary goşmaga üns berdiler diýip, MacRumors habar berýär.

Esasy üýtgeşmeleriň arasynda Facebook, Telegram, Signal, Slack we YouTube ýaly programmalaryň nyşanlary üçin Dark Mode goldawy we galereýada birnäçe suraty çalt saýlamak üçin Select düwmesi bar.
Şeýle hem, iOS 18 Beta 3 iş stoly üçin täze dinamiki suratlary, Flashlight-yň täzelenen interfeýsini, Maps programmasynyň täzelenen nyşanyny we beýleki täzelenmeleri özünde jemleýär.
Ýakyn günlerde iOS 18-iň açyk beta wersiýasyna garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...