Ford suwda galan täze Mustang we beýleki ulaglaryny ussalara tejribe toplamak üçin berdi

  • 10.07.2024 13:19
  • 19k+

Geçen ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-da bolan geçen suw joşmasynyň netijesinde Ford-yň Mustang sport kupesi ýaly, köp sanly awtoulaglar suw astynda galdy. Kompaniýa bu awtoulaglary zibile ibermegiň ýerine, geljekki awtoulag mehaniklerini taýýarlamakda ulanmak üçin ussahanalara bermek kararyna geldi.

IXBT-iň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, Ford Mustang, F-150 we Lincoln Aviator ýaly,  300-den gowrak ulagy dürli ussahanalara iberdi. Awtoulaglar dikeltmek üçin niýetlenmän, abatlaýyş we anyklaýyş işlerini öwredýän amaly okuw sapaklarynda ulanylýar. Ugradylmazdan ozal Ford-yň söwda dellallary awtoulaglary bellibir derejede tertibe salýarlar: olary arassalap, guradýarlar. Resminamalar bu awtoulaglary gaýdyp satyp bolmaz ýaly edip taýýarlanýar.
Ford bu başlangyjyň ABŞ-da ökde awtoulag mehanikleriniň ýetmezçiligi bilen bagly meseläni çözmäge gönükdirilendigini nygtaýar.
Bu kompaniýa şeýle tejribä ýüzlenýän ýeke-täk kompaniýa däl. General Motors hem ol ýa-da başga sebäplere görä satyp bolmajak 250-den gowrak täze ulagy sowgat etdi, Stellantis bolsa her ýyl yzyna satyn alnan ýüzlerçe ulagy tehniki we jemgyýetçilik kollejlerine kärendesine berýär. Şular ýaly başlangyçlar arkaly talyplar awtoulag pudagynda üstünlikli işe ýerleşmek mümkinçiligini ýokarlandyryp, häzirki zaman ulaglarynda amaly tälim alýarlar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....