«Galkynyş» gaz käninden senagat taýdan ähmiýetli täze gaz akymy alyndy

  • 10.07.2024 12:33
  • 6.4k+

Ýakynda Türkmenistanyň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň degişli gaz guýusynda geçirilen buraw işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymy alyndy. 

Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligi kemala getirmek, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, energiýa serişdelerini ugratmakda köpugurly turba geçiriji ulgamy döretmek, barlag-gözleg işlerinde sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D we 4D modelirlemek usullaryny ulanmagyň gerimini giňeltmek möhüm wezipeleriň biridir.
Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, pudagyň düzümleriniň tehnologik taýdan düýpli döwrebaplaşdyrylmagy ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir diýip, TDH belleýär.


08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...