Ispaniýa Fransiýany ýeňip, Ýewro-2024-üň finalyna çykdy

  • 10.07.2024 02:30
  • 12k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň ýarym finalynda Fransiýanyň toparyny utdy. Mýunhendäki duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň başynda, eýýäm 9-njy minutda fransuz topary hasaby açdy. Kilian Mbappeniň topy bermeginde (ol burny döwlenden soň ilkinji gezek maskasyz oýnady) Randal Kolo Muani gol bilen tapawutlandy. Belläp geçsek, bu fransiýaly oýunçylaryň ýaryşda oýundan salan ilkinji goludyr. Olar Mbappeniň penaltini geçirmeginde we garşydaşlarynyň iki awtogoly netijesinde 1/2 finala çykdylar.
Ispaniýalylar 21-nji minutda 16 ýaşly Lamin Ýamalyň goly bilen hasaby deňlediler. Topar ikinji goluny dört minutdan soň saldy. Ýaryşda hasabyna eýýäm üçünji goluny ýazan Dani Olmo tapawutlandy.
11-nji iýula geçilýän gije ýarygijede Angliýa bilen Niderlandlaryň milli ýygyndylary oýnar. Final oýny 15-nji iýula geçilýän gije Berlinde bolar.
Ispaniýa toparynyň hüjümçisi Ýamal Ýewropa çempionatynyň taryhynda gol salan iň ýaş oýunçy boldy. Ol bu üstünligini 16 ýyl 362 gün ýaşynda gazandy. Mundan öňki rekord 18 ýyl 141 gün ýaşynda Ýewro-2004-de gol salmagy başaran şweýsariýaly Ýohan Fonlantene degişlidi. Dünýä çempionatynyň taryhynda-da Ýamaldan ýaş oýunçylaryň goly bolmady, Pele DÇ-1958-de 17 ýyl 239 gün ýaşynda gol saldy.
Mundan başga-da, Ýamal taryhda DÇ-niň ýa-da Ýewro-nyň ýarym finalynda iň ýaş oýunçy, 38 ýaşly Hesus Nawas bolsa taryhda Ýewro-nyň ýarym finalynda iň uly ýaşly oýunçydyr.
Olmonyň hasabynda Ýewro-2024-de üç gol bar. Ol ýaryşyň bombardirler bäsleşiginde Žorž Mikautadzeniň (Gruziýa), Jamal Musialanyň (Germaniýa), Iwan Şransyň (Slowakiýa) we Kodi Gakponyň (Niderlandlar) yzyndan ýetdi.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy üç gezek Ýewropa çempionydyr (1964, 2008, 2012). Ýewro-2020-de ispaniýalylar ýarym finala ýetdiler. Häzirki ýaryşda topar 13 gol geçirip, Ýewro-2020-däki rekordyny gaýtalady. Ondan köp goly bir ýaryşda diňe Fransiýa 1984-nji ýylda salypdy (14).


düýn 20:28
6.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....