Hakerler OpenAI-niň içerki ulgamyna aralaşdylar. Kompaniýa bu wakany gizledi

  • 09.07.2024 10:53
  • 6.3k+

2023-nji ýylyň başynda hakerler OpenAI-niň içerki aragatnaşyk ulgamyna girip, emeli aňyň ösüşi bilen baglanyşykly maglumatlary ogurladylar. Kompaniýa hiç bir müşderiniň ýa-da hyzmatdaşyň maglumatlarynyň bozulmandygyny aýdyp, hakerleriň ulgama aralaşandygy barada habary ýaýratmazlyk kararyna geldi. Bu barada habarly çeşmelere salgylanýan  The New York Times habar berdi.

Kompaniýa Business Insider-e ulgamyň döwülmegine sebäp bolan “esasy howpsuzlyk meselesini anyklady we aradan aýyrdy” diýse-de, bu waka OpenAI-iň içinde-de, onuň töwereginde hem biynjalyklyk döretdi. Kompaniýanyň işgärleri howpsuzlygyň derejesi babatda aladalanyp, daşarky howplardan, şol sanda döwlet aktorlaryndan goramak üçin onuň ýeterlik däldigini nygtadylar.
OpenAI-niň direktorlar geňeşiniň öňki agzasy Leopold Aşenbrenner aprel aýynda "howpsuzlyk düzgünleriniň düýpli bozulýandygy" baradaky meseläni gozgandan  soň, özüniň işden çykarylandygyny aýtdy. OpenAI-niň özi bolsa onuň şu sebäpden işinden aýrylandygyny inkär edýär.
Birnäçe esasy işgär işden çykarylandan soň, kompaniýanyň ygtybarly AI tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen “super deňleşdiriş” toparyny hakykatda dargadandygy habar berilýär.
Şonda OpenAI-ny esaslandyryjylaryň biri we esasy hünärmen Ilýa Suskewer hem topardan çykypdy. Ol OpenAI-nyň baş direktory Sem Altmanyň, tehnologiýanyň howpsuzlygy meselesinde aralaryndaky düşünişmezlikler sebäpli, işden gitmegini guramaga edilen başa barmadyk synanyşykdan alty aý soň, işden gidýändigini habar beripdi. Iýun aýynda Suskewer öz hususy AI başlangyjyny döredendigini yglan etdi – onuň esasy maksady täjirçilik basyşyna garaşsyz, howpsuz we güýçli emeli aňy ösdürmek bolar.
Häzirki ýagdaýa jogap edip, OpenAI-nyň täze howpsuzlyk we gorag komitetini döredendigi bellendi. Oňa Milli howpsuzlyk agentliginiň öňki müdiri, ABŞ-nyň kiber serkerdeliginiň (Goranmak ministrliginiň kiberhowpsuzlyk bölümi) öňki başlygy Pol Nakasone ýolbaşçy boldy.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......