Xiaomi täze gadjetlerini hödürlemäge taýynlanýar: Redmi Buds 5C we iki sany Power Bank

  • 09.07.2024 10:18
  • 5.4k+

Xiaomi kompaniýasy 9-njy iýulda täze enjamlaryň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirjekdigini mälim etdi. Täze önümleriň arasynda Redmi Buds 5C simsiz gulaklyklar we kuwwaty 10 000 mAs bolan iki sany Power Bank – simsiz zarýadnik bardyr.

Redmi Buds 5C-de “iň oňat artykmaç sesleri ýatyrmak tehnologiýasy” we zarýad almazdan uzak wagtlap işlemek funksiýasy bar. Gulaklyklar ak, gök we gara reňklerde elýeterlidir.
Gulaklyklardan başga-da, dabarada Xiaomi Pocket Power Bank we Power Bank 4i simsiz zarýadnikleri hödürlener. Olaryň kuwwatlylygy 10 000 mAs we ikisi hem 22.5W çalt zarýady goldaýar. Pocket Power Bank-da özüne gurnalan USB-C simi bardyr, Power Bank 4i bolsa has inçe dizaýna eýe bolup, onda iki USB-C porty bardyr.
Täze gadjetleriň tanyşdyrylyş dabarasy Hindistanda geçiriler. Olaryň dünýa bazarlaryndaky elýeterliligi we bahalary entek aýan edilmedi.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...