Türkmen sürüjileri “Ýüpek ýoly-2024” ralli ýaryşynda baýrak ugrunda göreşýärler

  • 08.07.2024 21:05
  • 9.3k+

“Ýüpek ýoly-2024” ralli ýaryşynda üç tapgyrdan soň ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulaglaryň ýaryşynda Andreý Suşensowyň ýolbaşçylygyndaky S&A Racing topary öňde barýar. Ikinji orunda “Podmoskowýe” toparynyň wekili Anton Melnikowdan öňe geçen LADA Sport ROSNEFT Raid-den Mihail Mitýaýew bar.

Ýaryşyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, öňdebaryjylaryň yzyndan Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň üç ekipažy ýetip barýar.
Halkara ralli ýaryşy 5-nji iýulda Tomskda başlady we 11 gün dowam eder. Ýaryş ýoly Sibiriň we Altaýyň ýollaryndan geçip, Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda tamamlanýar. Ralliniň umumy uzynlygy 5 256,70 km bolup, şondan 2 993,24 km ýokary tizlikli ýerlerdir.
Şu ýyl ýaryşa marafon tapgyry-da gaýdyp geldi, onda gatnaşyjylar mehanikleriň kömegi bolmazdan ulag serişdelerine özbaşdak seretmeli bolarlar.
Ýatlap geçsek, geçen ýyl doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler Nissan Patrol ulaglarynda Türkmenistana kümüş baýrak getirdiler, “Ýüpek ýoly-2022” ralli-reýdde bolsa T2 kategoriýasynyň ýeňijileri boldular. Şol 2022-nji ýylda türkmen ýaryşa gatnaşyjylary bellenilen dissiplinada tutuş münberi eýelediler. 


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

08.06.2026 12:15
2.1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....