Hemilton 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Formula-1” tapgyrynda ýeňiji boldy

  • 08.07.2024 13:10
  • 2.3k+

“Mersedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton “Formula-1” klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 12-nji tapgyry bolan Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş “Silwerstoun” awtodromynda geçirildi.

Ikinji orny “Red Bulldan” Maks Werstappen eýeledi. Üçlügi “Maklareniň” ýaryşa gatnaşyjysy Lando Norris jemledi.
Bu ýeňiş Hemilton üçin 2021-nji ýyldan bäri dünýä çempionatynyň tapgyrlarynda ilkinji ýeňiş boldy. Soňky gezek ol 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynyň Gran-prisinde birinji orny eýeläpdi.
Hemilton “Silwerstounda” dokuzynjy ýeňşini gazandy, bu ýaryş ýolunyň rekordydyr. Şeýle-de, Hemilton dünýä çempionatynyň bir tapgyrynda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça germaniýaly Mihael Şumaherden öňe geçip, arassa birinji orna çykdy. Şumaheriň hasabynda Fransiýadaky tapgyrda sekiz ýeňiş bar. Hemilton Wengriýanyň Gran-prisiniň hem sekiz gezek ýeňijisi boldy.
Şahsy sanawda Werstappen öňdeligi saklaýar (255 utuk), ikinji orunda Norris (171), üçünji orunda “Ferrariden” Şarl Lekler (150) gelýär. Konstruktorlaryň kubogynda öňdebaryjy “Red Bull” (373) bolup, onuň yzyndan “Ferrari” (302) we “Maklaren” (295) gelýär.
Dünýä çempionatynyň 13-nji tapgyry 19 – 21-nji iýulda Wengriýada geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.4k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....