Apple sentýabr aýynda iki sany täze iPad çykarar

  • 08.07.2024 12:36
  • 1.7k+

Apple bu ýyl diňe iPad-i çykarmak bilen çäklenmegi meýilleşdirmeýän bolara çemeli. 2024-nji ýylyň ýazynda iPad Pro-nyň M4 çipi we iPad Air M2 prosessorlary bilen tanyşdyryş dabarasyndan soň, kompaniýa şu güýzde çykarmak üçin ýene iki sany planşet taýýarlaýar.

Apple Insider-iň berýän maglumatlaryna görä, sentýabr aýynda iPhone 16 we Apple Watch 10 (X) bilen bilelikde kompaniýa 10,9 dýuým ekranly iPad we 8,3 dýuým ekranly iPad mini-niň täzelenen modellerini hödürlär.
Üýtgeşmeler az bolar. Iki planşetde-de öňdäki kamera, täze iPad Air bilen Pro-daky ýaly, albom ugurly wideo jaňlaryň amatly bolmagy üçin giň tarapa geçer.
Täzelenmeler prosessorlara hem täsir eder, ýöne olarda M-çipler peýda bolmaz. Esasy iPad-de öň iPhone 14 Pro-da ulanylan A16 çipi alar, iPad mini bolsa iň soňky iPhone 15 Pro-da ulanylan A17 Pro çipiniň kesilen görnüşi bolan A17 çipi bilen üpjün ediler.
Planşetleriň dizaýny öňküligine galsa gerek, belki-de täze reňk görnüşleri peýda bolar. 10,9 dýuýmlyk iPad-iň bahasy 349 dollar, iPad mini-niňki 499 dollar bolup, bahalar öňküligine galar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...