Konor Makgregor Diasyň Maswidaldan üstün çykmagy netijesinde $1,6 mln utdy

  • 08.07.2024 12:40
  • 17k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor Horhe Maswidal bilen Neýt Diasyň arasynda geçirilen boks söweşinde 1,625 mln dollar utdy, ol Diasyň ýeňiş gazanmagyna bil baglap, 500 müň dollar goýdy.

“Men şu günki boks söweşinde Diasyň ýeňşi üçin $500 müň goýmak kararyna geldim. Aralygy saklamak bilen işlemegi, formasy, tejribesi, diňe ellerini ulanmagy – men Maswidalyň boks söweşinde Neýt üçin haýsydyr bir kynçylygy döretmegine ýekeje-de sebäp göremok. Olaryň ikisi-de söweşde birneme samsygrak, biderek zat bilen meşgullanýan ýaly görünýär, ýöne men Neýtiň muny AŇSAT edýändigini duýýaryn. $500 müň maňa $1,625 mln görnüşinde gaýdyp geldi” – diýip, Makgregor X sosial ulgamynda ýazdy.

Ýatlap geçsek, söweş 10 raund dowam etdi we emin agzalarynyň aglabasynyň karary netijesinde Neýt Diasyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.


17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

01.06.2026 10:58
6.8k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......