Ulanyjylar haýsy Android smartfonlaryndan has kanagatlanýarlar: AnTuTu reýtingi

  • 07.07.2024 23:10
  • 7.9k+

AnTuTu bençmarkynyň sarp edijileriň baha bermelerine esaslanan täze reýtingine görä, Honor Magic6 Ultimate 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanyjylary has kanagatlandyran Android smartfony boldy. Flagman 98,13% oňyn ses alyp, bir aý mundan öň birinji orny eýelän Vivo X Fold 3 Pro-dan öňe geçdi diýip, IXBT ýazýar.

Üçünji orunda özüniň inçeligi we ýeňilligi bilen belli bolan ýene bir eplenýän smartfon – Honor Magic V2 ýerleşdi.
Belläp geçsek, maý aýynda AnTuTu-nyň iň gowy smartfonlarynyň ilkinji onlugyna birbada dört Samsung modeli girdi: Galaxy S23, Galaxy S23 Ultra, Galaxy S24 Plus we Galaxy S24 Ultra. Olardan reýtingde diňe Galaxy S24 Plus we Galaxy S23 Ultra galdy.


04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

05.05.2026 15:24
994

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
943

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

09.02.2026 12:17
1.9k+

Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda

Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar...